siziň işiňizi ýeňilleşdirmek üçin mydama özgertmeleri geçirýäris
625 GÜN ÖŇ
VERIDOCS ULGAMYNDA SANLY GOL ÇEKILEN RESMINAMALAR AÝRATYNLYGY WE WEBAUTH PROTOKOLY GIRIZILDI

VeriDocs - Elektron Resminama dolanyşygy ulgamy ulanyjylaryň isleg we talaplaryna laýyklykda ulanyjy we hatlar bölüminde ençeme täze mümkinçilikleri goşdy. Ulgam «Asman Oky» HJ tarapyndan doly taýýarlanylyp, her edara-kärhananyň düzümine we alyp barýan işine görä dowamly täze funksiýalar girizilýär we kämilleşdirilýär.

Elektron sanly gol çekilen resminamalaryň hakykylygyny barlamak, resminama faýlynyň düzüminden gol çeken tarapyň maglumatlaryny, sertifikatlaryny almak, sertifikatyň hakykylygyny OCSP protokoly arkaly barlamak ýaly modullar girizildi.  

Bulardan daşary ulgama girmek üçin Web Auth, ýagny diňe ulanyjy ady, açar sözi bilen dälde, gorag açarlary bilen ulgama girmek moduly ornaşdyryldy. Ulgamymyzyň bu mümkinçiliginden peýdalanmak üçin edara-kärhanalaryň düzümine sanly elektron gol ulgamy ornaşdyrylan hem-de elektron goldan peýdalanjak işgärlerde YubiKey 5 NFC enjamynyň bolmagy zerurlykdyr. 

YubiKey 5 NFC enjamy her bir resminama gol çekmek üçin elektron goly ulanmaga ygtyýarlandyrylan adama ýörite taýýarlanan enjamdyr. Elektron sanly gol ulgamynyň Elektron Resminama dolanyşygyna ornaşdyrylmagy netijesinde, edaralarda diňe bir döwrebap usul bilen ýerine ýetirilýän işlerde ýeňillik döredilmän, eýsem, kanselýarýa çykdajylaryň hem uly mukdarda azaldylmagyna garaşylýar.

814 GÜN ÖŇ
ULGAMYŇ ULANYJYLAR WE KANSELÝARIÝA DEGIŞLI AÝRATYNLYKLARY KÄMILLEŞDIRILDI

VeriDocs - Elektron Resminama dolanyşygy ulgamy ulanyjylaryň isleg we talaplaryna laýyklykda ulanyjy we hatlar bölüminde ençeme täze mümkinçilikleri goşdy.

Ulanyjylar bilen bagly ýerine ýetirilen täzelikleriň hatarynda mundan beýläk ulgamdan peýdalanýan ulanyjylaryň soňky sapar haýsy gün we haýsy sagatda ulgama girendigini we häzirki ýagdaýda haýsy ulanyjylaryň online, ýagny ulgamdalygyny görmek mümkin.

Hatlar bilen bagly ýerine ýetirilen täzelikleriň hatarynda mundan beýläk giriş, çykyş we içerki resminamalary bukjalara görä aýratyn belgilendirmek mümkin. Bu mümkinçilik edara düzümine baglylykda hat hereketleriniň has hem saýhally ýerine ýetirilmegine uly goşant goşar.

Şeýle hem hatlar bölüminde ýerine ýetirilen täzelikleriň ýene-de biri bolsa has wajyp hatlary gözegçilikde saklamak mümkinçiligi. Bu özgertmäniň goşulmagynyň esasy zerurlygy, käbir örän gyssagly jogaplanmaly ýa-da üns merkezinde saklanylmaly hatlar arasynda adaty hatlaryň hataryna goşulyp, ünsden gaçmagydyr. Mundan beýläk, ýolbaşçy düzüm işgärlerine tabşyrylan has wajyp hatlar bilen bagly ýerine ýetirilýän işleri ulgam arkaly aýratyn gözegçilikde saklap biler.

Ýene-de hatlar bilen bagly tabşyryklarda taýýar jogaplary ulanmak, möhlet girizmek we faýl ýüklemek aýratynlyklary VeriDocs - Elektron Resminama dolanyşygy ulgamyna girizilen soňky täzelikleriň hataryndadyr. Taýýar jogaplar, gaýtalanýan we dowamly işenilýän resminamalary tiz işlemek üçin niýetlenýär. Tabşyryklarda aýratyn goşmaça faýllary ýüklemek, her tabşyryga möhlet goýmak bolsa işleri gözegçilikde saklamak we pikirleri, bellikleri ulgam arkaly paýlaşmaga mümkinçilik döredýär. 

992 GÜN ÖŇ
BEÝLEKI ERD ULGAMLARY BILEN BAGLAMAK WE BILDIRIŞLER

“Asman Oky” Hojalyk jemgyýetiniň işine ussat hünärmenleri VeriDocs – Elektron Resminama Dolanyşygy ulgamyny ilkinji gezek beýleki Elektron Resminama dolanyşygy bilen utgaşykly işlemegini üpjün etdi. 

Iki sany bir birinden garaşsyz taýýarlanan ulgamlaryň öz arasynda ylalaşykly işlemeklerini üpjün etmek üçin iki ulgamyň arasynda API kanaly taýýarlanylýar. Bu kanal bir ulgamdan çykan maglumatlary dogry görnüşde tanamagy, hemde beýleki ulgama integrasiýa etmegi üpjün edýän ulgamdyr.

“VeriDocs” Elktron Resminama Dolanyşygynda bu täzelik “AŞTU” ÝGPJ-niň talaby esasynda ýerine ýetirildi. Mundan beýläk "Asman Oky" HJ we "Tehno gurluşuk" kärhanalaryň ýazan ERD programmalaryň aralarynda API baglanyşygyň üsti bilen giriş we çykyş hatlary özarasynda integrasiýa edýärler. Netijede “AŞTU” ÝGPJ-de “VeriDocs” arkaly iberilen hatlar  "Tehno gurluşyk" Elektron Resminama Dolanyşygynyň üsti bilen “Türkmenaragatnaşyk” agentligine, “Türkmentelekom” EAK-a, “Türkmenpoçta” PAK-na, “Altyn Asyr” ÝGPJ-e hatlary ugradyp we olardan ugradylan hatlary kabul edýär. 

Ýene-de ençeme müşderilerimiziň talaplary netijesinde “VeriDocs” ERD ulgamy üçin habarnama (notification) programmasy ýazyldy. Ol programma Google Chrome browsery açylmasyz we ERD dolanyşygyna girilmedik halatynda hem täze hatlaryň we tabşyryklaryň gelendigini habar berip durýar. Şol täze gelen hatlary ýa-da tabşyryklary açylyp görülýänçä, habarnama (notification)programmanyň sazlamalarynda görkezilen wagtda gaýtalanyp durýar(meselem her 3 ýa-da 5 minutdan).

“VeriDocs” elektron resminama dolanyşygynyň täzeliklerinden habardar bolmak üçin biziň bilen galyň!

1158 GÜN ÖŇ
VERIDOCS-yň howpsuzlyk we hat hereketleri ulgamyna täzelikler girizildi

Veridocs Elektron Resminama dolanyşygy ulgamyna ulgamdan peýdalanýan edara-kärhanalardan gelýän teklipler we toparymyzyň programmany kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleri netijesinde yzygiderli täzelikler girizilýär. Programma üpjinçiliginiň bu tapgyrky täzeliklerinde ulgamyň howpsuzlygy, içerki hat hereketleri we tabşyryklar bölümlerinde ençeme özgerdişler girizildi.

Ulgam içinde hat döretmek: Programma üpjinçiliginiň içerki hat hereketlerini has saýhallamak, işgärleriň tabşyryklaryny we hat yzygiderliklerini has hem düşünikli beýan etmek maksatly mundan beýläk kärhananyň içindäki hatlar bir ulanyjydan çykan hat beýleki ulanyja giriş hat bolup barýar. Ulgam içindäki hatlary işgärleriň özleri belgilendirýär.

Bölümler we edaralar üçin awtomatiki hat belgileme : Edaranyň bölümleri we merkezi edara bagly edaralaryň arasynda hatlaryň hereketlerini has hem saýhallamak maksatly her bölüme ýa-da edara ýazylan hatlary aýratyn formatda belgilemek funksiýasy goşuldy. Netjiede, edaranyň düzümine baglylykda eger-de merkezi edara hat ýazylýan bolsa ME/03/345 ýa-da Aşgabat şäherindäki şahamça ýazylýan bolsa AG/11/256  ýaly ýöriteleşdirilen hat belgi formatlaryny sazlamak we bu belgileri girýän we çykýan hatlara awtomatiki girizmek mümkin.

Tabşyryklaryň möhletinde täzelikler: Mundan beýläk tabşyryklar bölüminde her ulanyjy öz hereket çägindäki tabşyryklary kalendar arkaly görüp hem-de tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin näçe möhletiniň galanyny görüp bilerler. Netije-de, hatlar bilen bagly işleri geçirmegiň öz wagtynda tertipli ýöredilmegi gazanylar.

Ulgamdan çykmak: Ulanyjy programma üpjinçiligini ulanýan brawzerini ýapan ýagdaýynda awtomatiki usulda ulgamdan çykýar. Bu bolsa ulgamyň howpsuzlygynyň artmagyna goşant goşýar.

Ulgamymyzyň täzeliklerinden we mümkinçiliklerinden habarly bolmak üçin biziň bilen galyň!

1335 GÜN ÖŇ
VeriDocs hatlary hasaba almak we saýhallamak ulgamyny kämilleşdirdi

Ýerine ýetirilen goşmaça we täzelikleriň çäginde hatlary saýhallamak, ýeňillik bilen tapmak hem-de belgilemek funksiýalaryna täzelikler girizildi.

Mazmun boýunça hatlary tapmak - Hatlar ulgama girizilende haty girizen wezipeli mazmuna degişli maglumaty ýerleşdirip bilýär. Hatyň üstünde işleýän jogapkär hem, girizilen hatyň mazmunyna üýtgeşmeler girizip biler. Elektron resminama dolanşygyň gözleg funksiýasy mundan beýläk diňe hatyň ady, belgisi, senesi, wezipeliniň ady boýunça däl-de, hatyň mazmuny boýunça hem gözlemek funksiýasy goşuldy.

Birmeňzeş belgili hat duýduryjysy - Eger-de hat dürli sebäpler ýa-da säwlikler bilen gaýtadan ozal bar bolan hatyň belgisi bilen ulgama girizilse, ulgam awtomatiki usulda ulgamda şol belgili hatyň barlygyny duýdurýar. Duýduryjy ekran çykanda gaýtalanan belgili hatlaryň sanawyny we hasabatyny görmek mümkin.

Ulgam içindäki hatlaryň herekedi - Täzelikler bilen ulgamyň içine registrasiýa edilen çykyş hatlary alyja giriş hat bolup barýar.

Bölümlere we görnüşlere görä hatlar - Edara-kärhanalaryň islegine görä her bölüme, hat görnüşine, şahamça laýyklykda hatlary belgilemek ulgamy kämilleşdirildi. Islege baglylykda giriş we çykyş hatlary ýörite belgilemek mümkin. Meselem: Arzalar:AR-1 AR-2.. Buýruklar. BU-1 BU-2..

Edara-kärhanalar VeriDocs arkaly içerki iş ýörediş usullaryna we kanunçylyga laýyklykda elektron resminama dolanyşygy bilen bagly dürli üýtgeşmeleri we täzelikleri iň gysga wagtda iş ýüzüne geçirip bilerler.

1349 GÜN ÖŇ
VeriDocs ulanyjy rollaryny we rugsatlaryny kämilleşdirdi

Elektron resminama dolanyşygy üpjünçiliginden talap edilýän esasy aýratynlyk hem edara-kärhanalaryň talaplaryna we kanunçylyga laýyklykda dürli üýtgeşmeleriň dowamly girizilmegidir.

VeriDocs bu talaplary birkemsiz berjaý etmek maksatly dürli goşmaçalary we üýtgeşmeleri dowamly öz ulanyjylaryna hödürleýär. Ulanyjylaryň rollaryny we rugsatlaryny has hem kämilleşdirmek üçin ýerine ýetirilen özgertmeler:

Arhiwlemegi çäklendirmek - Hatlar hasaba alynanda, haty arhiwlemek funksiýasyny diňe hatyň ýazylan eýesine ýa-da hata jogapkär işgäre islege görä berkitmek funksiýasy goşuldy.

Deň derejeli işgärlere rugsat - Ulanyjy rugsatlary arkaly, deň derejeli ulanyjylaryň bir-biregiň resminalaryny görmek mümkünçiligi goşuldy.

Hasabaty çäklendirme funksiýasy - Öň ähli resminalaryň jemi boýunça hasabat alynýardy. Täze üýtgeşmeler bilen indi ulanyjynyň rugsady bolan resminalardan hasabat alynar. Ýönekeý ulanyjy bolsa diňe özüne degişli resminalaryň, kanselýar ulanyjy kanselýariýa degişli ähli ulanyjylaryň resminalaryň, admin ulanyjy ähli resminalaryň hasabatyny alyp bilerler.

Ulanyjy mümkinçiliklerini çäklendirmek - Zerurlyk bolan ýagdaýynda, ulanyjylaryň ulgamda rollaryny we rugsatlaryny çäklendirmek mümkin. Aşakdaky mümkinçilikleriň haýsylary ulanyja berilmeli rol we rugsat bolsa sazlamalardan üýtgetmek mümkin. Ulanyjy rol we rugsatlary:

• Giriş hatyny goşup bilmek

• Çykyş hatyny goşup bilmek

• Hasabaty görüp bilmek

• Ulanyjy hereketlerini görüp bilmek

• Ulanyjylary dolandyryp bilmek

• Sazlamalary görüp bilmek

• Bölümleriň, arhiw görnüşleriniň, toparlaryň sazlamalary

• Ulanyjy rollarynyň sazlamalary

• Ähli resminamalary görüp bilmek

• Birmeňzeş roldaky ulanyjylaryň resminamalaryny görüp bilmek

Ulgamdan awtomatiki çykyş - Ulgama ulanyjy girenden soňra, ulgamda hereket etmedigine belli wagt geçende awtomatiki usulda ulgamdan çykarylar. Bu bolsa, kompýuteri öçürmegi ýa-da ulgamdan çykmagy ýadyndan çykaran işgärleriň maglumat howpsuzlygyny goramakda ýardam berer.

Ýerine ýetirilen täzelikler we goşmaçalar ulgama birikdirilen gününden başlap ähli VeriDocs ulanyjylaryna elýeterli edildi.

1455 GÜN ÖŇ
Maglumatlaryň goragyny üpjün etmek üçin iki derejeli gorag

Elektron resminama dolanşygy programma üpjünçiliginde ulanyjy hasaplarynyň goragyny üpjün etmek maksady bilen iki derejeli gorag (2FA) aýratynlygy işlenip taýýarlanyldy. 2FA aýratynlygy – Two Factor Authentication ulanyjydan ulgama girmek üçin diňe agza ady we açar sözi soralman, her gezek ulgama girilen ýagdaýynda bir gezek ulanylýan we 30 sekundyň içinde işleýän 6 belgili kod hem soralýar.

OTP (One Time Password) diýip atlandyrylýan bu kodlar başda ýörite açar bilen ulanyjynyň hasabyna sazlanandan soňra, her 30 sekuntdan täzelenip durýar. OTP kodlaryny generasiýa etmek üçin Android we iOS telefon ulgamlary üçin ýörite programma üpjünçiligi taýýarlanyldy. PlayMarket we AppStoredan “AsmanOky OTP” ady bilen tapyp, öz telefonlaryňyza ýükläp bilersiňiz.

Ulanyjy VeriDocs ulgamyna girenden soňra, “Meniň hasabym” bölümine girýär, “Iki derejeli gorag” düwmesine basýar. Ulanyja 2FA aýratynlygy barada düşündiriş görkezilýär we ýörite SecretKey arkaly generasiýa edilen QR kod görkezilýär. Ulanyjy öz şahsy telefonyna ýüklenen “AsmanOky OTP” programmasynda bu QR kody kamerasy arkaly okadýar. Okadylandan soňra, telefonda 6 belgili sanlar görkezilmäge başlaýar we bular her 30 sekuntdan täzelenýär. Bu diýmek siziň parolyňyz ogurlanan ýagdaýynda hem, bu telefonda görkezýän 6 belgili sany bilmeýänler siziň hasabyňyza girip bilmez.

Bu aýratynlyk “Asman Oky” hojalyk jemgyýeti tarapyndan, geljekdäki taslamalarda hem göz öňünde tutular. Maglumatlaryň goragyny üpjün etmek we üçünji taraplaryň maglumatlary birugsat almagyndan goramak üçin ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy we täze aýratynlyklarynyň goşulmagy üstünde işleýäris. Bu aýratynlyk ýakyn wagtda, elektron resminama dolanşygyndan peýdalanýan Ahal welaýatynyň häkimliklerinde we AŞTU ÝGPJ-da hem ulanylmaga beriler.

1509 GÜN ÖŇ
VeriDocs programma üpjünçiligi iPad planşetlarynda

Elektron resminama dolanşygy programma üpjünçiliginiň ulanyjylara berýän mümkinçiliklerini has hem artdyrmak ugrunda toparymyz ençeme täzelikleri geçirip durýar. Toparymyz tarapyndan amala aşyrylan soňky täzeligiň netijesinde, mundan beýläk programma üpjünçiligimizi iPad planşetlary arkaly hem ulanmak mümkin. 

Programmany iPad planşetler arkaly ulanmaga başlamak içerki networkyňyza baglanmagyňyz we size berilen IP salgysyna brauzeriňiz arkaly girmegiňiz ýeterlik. 

Programma üpjünçiliginiň bu aýratynlygy Ahal Welaýat Häkimliginiň sargamagy esasynda ýerine ýetirildi. Netijede, iş saparyndaky häkimlik işgärleri, beýleki etraplarda ýa-da welaýat merkezindäki häkimliklerde işde bolan halatynda hem, şol bir içerki networka baglanyp bilýänligi sebäpli özüne iberilen hatlardan we tabşyryklardan habarly bolarlar.

1519 GÜN ÖŇ
Gijä galýan hatlaryň gözegçiligi üçin täze funksiýalar goşuldy

Bu gün programmamyzda täze funskiýa işe girizildi. Mundan beýläk hatlary gijä galdyrmazlyk üçin her bir hatyň seredilmeli wagty giriziler. Hatlaryň görnüşine göra käbir hatlara awtomatiki usulda standart bellenilen möhlet giriziler. Emma, hatyň möhümligine we gyssagyna görä seredilmeli wagty üýtgedilip hem biliner. 

Ulgama girizilen bu täzelikleriň netijesinde her ulanyjy öz hasabyna girip gijä galýan hatlaryň sanawyny aýratyn görüp biler. Şeýle hem, her bir hatyň kimde durandygyny we soňky jogapkär işgäriň kimdigi barada maglumatlar tablisada görkeziler. 

Programma üpjünçiliginiň bu aýratynlygy AŞTU ÝGPJ üçin niýetlenilip, şolaryň sargamagy esasynda ýerine ýetirildi. Elektron resminama dolanşygy programma üpjünçiliginiň gün-günden özgerdilmegi we müşderileriň ýüzlenmeleri boýunça täze aýratynlyklaryň girizilmegi programmanyň gymmatyny has hem artdyrýar.